Sport
«Talyp Sport» — basketbol boýunça ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi
December 29, 2025 14:24 • UTC+5 (Ashgabat) • 22 views

28-nji dekabrda geçirilen final oýnynda «Talyp Sport» topary «Galkan» toparyny 78:66 hasabynda utup, Kuboga mynasyp boldy. Üçünji orny «Aşgabat» topary eýeledi.
Basketbol boýunça erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogy jemlendi.
Düýn — 28-nji dekabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Kybok ugrundaky ýaryşyň üçünji orun ugrundaky duşuşygy hem-de finaly geçirildi. Şeýlelikde, üçünji orny «Aşgabat» kluby eýeledi.
Aýgytlaýjy oýun bolsa «Talyp Sport» hem-de «Galkan» toparlarynyň arasynda geçdi. Dartgynly geçen oýun «Talyp Sport» basketbol toparynyň peýdasyna tamamlandy — 78:66.
Täsirli aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy duşuşygyň has-da şowhunly geçmegini üpjün etdi. Şeýlelikde, «Talyp Sport» ýurdumyzyň Kubogynyň nobatdaky eýesi hökmünde bellige alyndy.
Bu ýerde ýeňiji bolan kluba hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara Kubogyň we medallaryň gowşurylýan pursaty has-da ýatda galyjy boldy.