«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin pagta tohumlaryny taýýarlaýarlar
February 23, 2026 16:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginde ýetip gelýän ekiş möwsümi üçin pagta tohumlary taýýarlanylýar. Şu ýyl ilkinji gezek «Daşoguz-150» we «Jeýhun-16» ýaly täze orta süýümli görnüşler ekiler. Olar ýokary hasyllylygy, süýüminiň berkligi we kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar.