Jemgyýet
Dokmaçylar bilen duşuşyk geçirildi
February 20, 2026 09:19 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Türkmenabadyň pagta egriji kärhanasynda «Türkmenistan — baky bagtyň mekany» atly maslahat geçirildi. Çärä dokma işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşyp, pudagy ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet we ýaş hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kärhanada önümçiligiň depgini yzygiderli ýokarlanýar.
Güllala Açylowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy: Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap dokma toplumlary diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, halkara bazarlaryň hem isleglerini kanagatlandyrýan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle häzirkizaman kärhanalaryň hatarynda Türkmenabadyň pagta egriji kärhanasy hem aýratyn orny eýeleýär. Kärhananyň agzybir işgärleri üstümizdäki ýyly ýokary zähmet joşgunyna besläp, önümçiligiň depginini barha ýokarlandyrýarlar.
Bu ýerde «Türkmenistan — baky bagtyň mekany» atly dabaraly maslahatyň geçirilmegi hem dokma pudagynyň ösüşlerine berilýän uly ünsüň aýdyň nyşany boldy. Welaýat birleşmämiziň, bu kärhananyň hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata önümçilik tejribesini geçýän talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatda dokma senagatyny ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, ýaş hünärmenleri hünäre ugrukdyrmak, şeýle hem dokma işgärleriniň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn nygtaldy.