Syýasat
Türkmenistanyň Ştambul şäherindäki Baş konsullugynda Stambulyň Gubernatory bilen duşuşyk geçirildi
March 25, 2026 10:22 • UTC+5 (Ashgabat) • 33 views
Stambulda Türkmenistanyň Baş konsuly Ö.Jumanazarow bilen Dawut Gül duşuşdy. Taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygynyň edara binasynda Baş konsul Ö.Jumanazarowyň Stambulyň Gubernatory Dawut Gül bilen duşuşygy gecirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostluk, hormat we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhmany Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy hem-de oňa sowgat berildi.