Ykdysadyýet
Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
March 10, 2026 12:14 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde jemi 24 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy içerki bazar üçin 253,6 million manada golaý boldy. Şeýle-de daşary ýurt telekeçileri tarapyndan nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz we beýleki harytlar üçin 14,6 million ABŞ dollary möçberinde geleşikler baglaşyldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 253 million 664 müň 200 manada barabar bolan geleşik baglaşdylar.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin nebit önümlerini, bugdaý ununy, polipropileni we dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Serbiýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit önümlerini, polipropileni satyn aldylar.
Şeýle-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” markaly karbamid, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi hem-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dokma önümleri satyldy. Şeýle-de buýan köküniň goýaldylan ekstrakty we bugdaý satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 611 müň 710 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 24 sany geleşik hasaba alyndy.