Syýasat
Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy
March 12, 2026 08:07 • UTC+5 (Ashgabat) • 35 views

Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Ö.Jumanazarow Stambul şäheriniň häkimi Dawut Gül bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady, medeni, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada pikir alşyldy.
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö.Jumanazarowyň Stambulyň häkimi Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Taraplar dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça pikir alşyldy.