Awto
Iň uzak aralyga gidýän elektroulag
March 6, 2026 17:33 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Hytaýyň «Denza Z9 GT» elektro-ulagynyň bir gezek zarýada 1 036 km ýol geçmegi mümkin. Döwrebap batareýa we elektrik motorlary bilen iň uzak aralyga gidýän awtoulag. ⚡🚗
Hytaýyň BYD kompaniýasyna degişli bolan «Denza» brendi täze elektroulagyny tanyşdyrdy. «Denza Z9 GT» atly ulag bir gezekki zarýady bilen 1 müň 36 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji häzirki wagtda satuwda bolan ähli elektroulaglaryňkydan köpdür. Dolulygyna elektrik energiýasynda işleýän ulag 122,5 kW/sagat güýji bolan batareýa toplumy bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Ulagyň gibrid görnüşiniň bardygy hem mälim edildi. Bu görnüşde göwrümi 2 litr bolan benzin bilen işleýän 1 sany hereketlendiriji hem-de 3 sany elektrik motor bar. Ulag diňe elektrikli motory bilen 400 kilometr ýol geçip bilýär.