Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeler artdyryldy
April 17, 2026 18:47 • UTC+5 (Ashgabat) • 11 views

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda ýol hereketine degişli resminamalar boýunça jerimeler ýokarlandyrylýar. Esasy täzelik hökmünde möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy üçin aýratyn jerime (3–5 hasaplaşyk görkezijisi) girizildi. Şeýle-de, resminamasiz ýa-da sürüjilik hukugy bolmadyk şahslara ulag berlendigi üçin jogapkärçilik güýçlendirildi.