Jemgyýet
Howpsuzlyk we sagdynlyk: Neşe jenaýatçylygyna garşy göreşde sanly tehnologiýalaryň orny
April 23, 2026 17:20 • UTC+5 (Ashgabat) • 12 views

Türkmen wekiliýeti Samarkantda geçirilen halkara forumda neşe howplaryna garşy göreşde sanly tehnologiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
2026-njy ýylyň 20-21-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary O.Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Jemgyýetiň saglygy we howpsuzlygy ugrunda transmilli neşe howplaryna garşy göreşmek» atly halkara foruma gatnaşdy. Forum Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Neşe serişdelerine we ot açýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Forumyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy boýunça häzirki global we sebit ýagdaýlary, ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çäreleriň, bejeriş we jemgyýete gaýtadan uýgunlaşdyrmak ulgamlarynyň ösüşi, neşe howplaryna garşy göreşde sanly tehnologiýalaryň we emeli aň esasynda çözgütleriň ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge aýratyn üns berildi.