Türkmenistanda pasport düzgünlerini bozmak we ony zamun hökmünde ulanmak üçin jogapkärçilik güýçlendirildi
April 17, 2026 19:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda pasporty ulanmak we saklamak boýunça talaplar güýçlendirilýär. Täze kanun esasynda pasporty ýitirmek ýa-da zaýalamak üçin jerimeler artdyryldy. Iň esasy üýtgetme bolsa, pasporty zamun (girew) hökmünde kabul etmegiň bikanun diýlip yglan edilmegidir. Bu düzgüni bozan şahslara we edaralara 1-den 6 binýatlyk mukdara çenli jerime salynmagy göz öňünde tutulýar.