Bilim
Türkmen talyby halkara ylmy bäsleşikde diploma mynasyp boldy
December 25, 2025 17:58 • UTC+5 (Ashgabat) • 28 views

Türkmen talyby Mukam Saryýew Russiýada geçirilen «New Science Award 2025» halkara bäsleşiginde 1-nji derejeli diploma mynasyp boldy. Olynyň ylmy işi bäsleşigiň makalalar ýygyndysyna girizildi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Mukam Saryýew Russiýada geçirilen «New Science Award 2025» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. «Biologiýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyby birinji derejeli diploma mynasyp boldy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Saryýewiň ylmy işi halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň ylmy makalalar ýygyndysyna girizildi we bäsleşikleriň arhiwinde çap edildi.