Jemgyýet
“Turkmentravel – 2026”: Halkara hyzmatdaşlygyň täze ädimleri — birnäçe şertnamalara gol çekildi
April 15, 2026 17:07 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

“Turkmentravel – 2026” täze mümkinçilikleri açýar 🌍🤝 Turkmentravel 2026 çäginde birnäçe halkara şertnamalara gol çekildi. Türkmenistan syýahatçylykda hyzmatdaşlygy giňeldýär!
Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda dowam edýän “Turkmentravel – 2026” halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ikinji güni (çarşenbe) işewürlik gatnaşyklary üçin örän netijeli boldy. Maslahatyň çäklerinde geçirilen B2B (işewürden-işewüre) duşuşyklarynyň netijesinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalar we taraplar:
Işewürlik gepleşikleri dürli ýurtlaryň wekilçiliklerini bir ýere jemläp, anyk ylalaşyklaryň gazanylmagyna şert döretdi:
- Belarus we Türkmenistan: Belarusyň “Belindtravel” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Aleksandr Krotow we TSTB-niň “Aşgabatsyýahat” kärhanasynyň başlygy Ýagmyrgeldi Durdyýew hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.
- Gyrgyzystan we Hytaý bilen hyzmatdaşlyk: “Bagtyýar dostlar” hususy kärhanasynyň direktory Ruslan Sadykow:- Gyrgyzystanyň “Gyrgyz üçmen gyz” kärhanasynyň direktory Bermet Fişer Buteşewa;
- Hytaý Söwda senagatynyň Çehiýa we Slowakiýa boýunça wekil Wang Li bilen aýratynlykda resminamalary kabul etdiler.
- Özbegistan bilen gatnaşyklar: “Çar ýyldyz” hususy kärhanasynyň direktory Şirin Şamedowa Özbegistanyň “Zukhro Travel” (direktory Umid Şeripow) we “Fun Sun Travel” (direktory Bazarbaý Abdullaýew) kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny berkitdiler.
- Halkara hyzmatdaşlyk: “Hasyl Çeşmesi” hususy kärhanasynyň direktory Kiril Gorodnow we “Edmiston” kompaniýasynyň direktory Martin Wilýam Paisli özara hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekdiler.
Bu gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara bazarynda tanyşdyrmakda we goňşy hem-de uzak ýurtlar bilen syýahatçylyk akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. B2B duşuşyklarynyň şeýle köp sanly şertnamalar bilen jemlenmegi, forumyň amaly netijeliliginiň ýokarydygyny görkezýär.