Ekologiýa
Asyrlaryň şaýady: Hatigata galasynda 160 ýyllyk sakura gülledi
March 24, 2026 17:00 • UTC+5 (Ashgabat) • 38 views
Hatigata galasy seýilgähinde 160 ýyllyk sakura gülläp başlady. «Udzikuni-dzakura» diýlip atlandyrylýan bu agaç 18 metre çenli beýiklige ýetýär.
Ýaponiýanyň Saýtama prefekturasynda ýerleşýän meşhur Hatigata galasynyň seýilgähinde, boýy 18 metre ýetýän 160 ýyllyk gadymy sakura agajy gülleýiş döwrüne girdi.
Bu üýtgeşik agaç orta asyr hökümdary Hodzýo Udzikuniniň hormatyna «Udzikuni-dzakura» diýlip atlandyrylýar.
«Большая Азия» mediaçeşmesine salgylanyp THP-niň habar bermegine görä, bu ýyl Günüň dogýan ýurdunda sakuranyň gülleýiş möwsümi adatdakysyndan has ir başlandy. Hünärmenler munuň sebäbini sebitde dowam edýän adatdan daşary maýyl howa bilen baglanyşdyrýarlar. Mysal üçin, fewral aýynda Nagoýa şäherinde ortaça howanyň temperaturasy kadadaky görkezijiden 2,4°C ýokary boldy.