Medeniýet
Hepde ahyrynda medeni dynç alyş: Seýdi adyndaky teatr sizi täze sahna oýunlaryna çagyrýar
March 28, 2026 11:32 • UTC+5 (Ashgabat) • 80 views

2026-njy ýylyň 28-29-njy martynda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyzykly sahna oýunlary görkeziler. Repertuarda söýgi we durmuş mowzukly eserler orun aldy.
Agyr iş hepdesiniň ahyrynda ruhy dynç almak isleýän ildeşlerimiz üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ýörite meýilnama taýýarlady. Lebaply sungat söýüjiler 28-nji martda sagat 19:00-da «Söýmedige süýkenme» atly gülki we durmuşy öwüt-nesihatlara baý bolan sahna oýnuny synlap bilerler. 29-njy martda bolsa sagat 19:00-da teatryň sahnasynda «Ilkinji söýgim» atly drama tomaşaçylara hödürlener.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Salgysy: Türkmenabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, 91-nji jaý.
- Kabulhana: (+993 422) 6-17-44
- Kassa: (+993 422) 6-06-40