«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berdi
April 17, 2026 19:09 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslama ýylda gaz çykarylyşyny goşmaça 10 milliard kubmetr artdyrmaga we iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.