Syýasat
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
February 9, 2026 18:00 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

Aşgabatta Türkmenistanyň Tailanddaky Ilçisi M.B. Maşalow Tailand DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy. Taraplar ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar we Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin yzygiderli aragatnaşygy saklamaga ylalaşdylar.
9-njy fewralynda, Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) M.B.Maşalow bilen bu ýurduň DIM-niň Protokol departamentiniň başlygy, Çhakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlaryň nusgalary gowşuryldy.
Tailand tarapy, Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda, taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.