Syýasat
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
March 26, 2026 08:06 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň Prezidentini Garaşsyzlyk gününiň 55 ýyllygy bilen gutlady. Iki ýurduň halkyna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeş Halk Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 55 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammed Şahabuddine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.