Oba hojalyk
Şu gün Türkmenistanda gowaça ekişine girişilýär
March 25, 2026 16:47 • UTC+5 (Ashgabat) • 46 views

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi başlandy. Prezidentiň ak patasy bilen ähli welaýatlarda dürli ýokary hasylly sortlar ekilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gowaça ekişi möwsümine ak pata bermegi bilen şu gün — ýurduň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine girişilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şu ýyl ýurduň Ahal welaýatynda gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary, Balkan welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Jeýhun» sortlary, Daşoguz welaýatynda orta süýümli «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120», «Jeýhun» we «F — 149» sortlary, Lebap welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «S — 2606», «Garaşsyzlyk — 30» sortlary, Mary welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «Ýolöten — 50», «TOHU — 17» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary ekiler.