Jemgyýet
Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler
March 8, 2026 10:58 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirip, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda ählihalk agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi.
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy. Iş maslahatynyň dowamynda şäheriň täze binalary, aýratyn-da lukmançylyk klasteriniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini belläp, halkymyzyň asylly däplerine we sogap işlerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz mart aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesidigini aýdyp, bu mukaddes gijäniň öňüsyrasynda ýaşulularyň, eneleriň we din wekilleriniň gatnaşmagynda döwlet derejesinde agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Çeşme: "Watan" habarlar gepleşigi, Amul Info