Russiýadan Eýrana ilkinji ýük otlysy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Russiýanyň ilkinji ýük otlysy Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçip, Eýran paýtagtynyň “Aprin” gury portuna geldi. Bu barada Eýranyň ISNA habarlar agentligi habar berdi.
Otlynyň düzümine 62 sany deňiz konteýneri girýär. Olarda kagyz, sellýuloza we beýleki kagyz önümleri bar. Bu harytlaryň soňky ugrukma nokatlary Eýranyň hem-de Yrakyň dürli sebitleri bolar.
Agentligiň maglumatyna görä, otly Eýran bilen Türkmenistanyň serhedini Eýranyň Inçe-Buruny şäheriniň çäginde kesip geçip, 12 günde Tährana ýetipdir.
Eýranyň Demir ýol guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Morteza Jafari belläp geçişine görä, häzirki wagtda Eýrana Russiýadan ortaça her 10 günde bir sany tranzit konteýnerli otly gelip durýar. Şeýle hem şeýle otlylaryň sanyny artdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar.
«Sebitdäki we GDA ýurtlaryndaky hyzmatdaşlarymyz bilen utgaşykly hereket etmek arkaly biz Eýrany goňşy döwletler arasynda eksportyň, importyň we tranzitiň merkezi etmäge çalyşýarys» diýip, ol nygtady.
ISNA agentliginiň belleýşi ýaly, bu ädim Eýran, Russiýa we Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlarynyň arasynda otly gatnawlarynyň yzygiderli ýol almagynyň başlangyjy bolar.
