S7 Airlines kompaniýasy Aşgabat bilen Nowosibirskiýniň arasynda göni uçar gatnawyny açmagy meýilleşdirýär
S7 Airlines awiakompaniýasy Aşgabat bilen Nowosibirskiýniň arasynda göni uçar gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş wekili Ýewgeniý Çernyşew XVIII Halkara «Türkmentel–2025» sergisiniň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş–2025» atly halkara maslahatynyň çäklerinde habar berdi.
«Indiki ýylyň baharyndan Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny açarys diýip, biz umyt baglaýarys. Häzir bu ugurda işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar» — diýip, awiakompaniýanyň wekili aýtdy.
Çernyşew S7 Airlines awiakompaniýasynyň türkmen bazarynda takmynan 20 ýyl bäri işläp gelýändigini ýatlatdy. «Biz 2008-nji ýylda Moskwa – Aşgabat uçar gatnawyny açdyk we şondan bäri Türkmenistana uçuşlary yzygiderli amala aşyryp gelýäris» — diýip, ol belledi. Häzirki wagtda kompaniýa bu ugurda hepdede 7 uçar gatnawyny ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda 12-nji noýabrda XVIII Halkara «Türkmentel–2025» sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» (ITTC-2025) atly halkara maslahat we sergi açyldy. Bu halkara forumy 14-nji noýabra çenli dowam eder.
