Täze Samsung Galaxy S26+ smartfonyň dizaýny we aýratynlyklary mälim edildi
Samsung kompaniýasy Galaxy S26+ modelinden ýüz öwürmän, onuň bilen birlikde inçe görnüşli S26 Edge modelini-de hödürlär. Şeýlelikde, kompaniýa öz flagman telefonlarynyň adaty gurluşyny saklar. Bu barada meşhur insaýder OnLeaks we Android Headlines portaly tarapyndan paýlaşylan render suratlar habar berýär.
Maglumatlara görä, Galaxy S26+ modeli:
-
6,7 dýuýmlyk AMOLED 2X ekrana eýe bolar;
-
Ölçegleri — 158,4×75,7×7,35 mm;
-
Telefon düz ýüzli metall we birneme tegelek burçlara eýe bolar;
-
Kamera bölümi dik ýerleşdirilen üç sany linzaly moduly öz içine alar.
Enjamyň iki dürli görnüşde çykarylmagy meýilleşdirilýär:
-
biri Qualcomm Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen,
-
beýlekisi bolsa Samsung Exynos 2600 bilen — bu saýlama sebit boýunça tapawutlanar.
Şeýle hem telefona degişli aýratynlyklar:
-
12 ýa-da 16 GB operatiw ýady,
-
Android 16 operasiýa ulgamy we täze One UI 8.5 interfeýsi,
-
4900 mA·s batareýa,
-
45 W çalt simli zarýad,
-
täze magnetik simsiz Qi2 zarýad ulgamy.
Goşmaça aýratynlyklary:
-
IP68 derejesindäki suw we tozan geçirmezlik,
-
ekranyň aşagynda ýerleşýän ultratolkunly barmak yzy skaneri,
-
Wi-Fi 7 we Bluetooth 6.0 modullary.
Täze Samsung Galaxy S26 seriýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçiriler diýip garaşylýar.
