
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy "KamAZ 6520" kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin “C” derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.
Işe girmek isleýänler üçin ýaşaýan ýeri boýunça çäklendirme ýok.
Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ýaşaýjylary hem resminamalaryny tabşyryp bilerler.
Gyzyklanma bildirýänler şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:
tel: 76-06-19; 76-02-56
Häzirki wagtda Türkmenistan amatly geografiki ýerleşişinden peýdalanyp, sebitde iň döwrebap we kuwwatly ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyzda halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygy, logistika merkezleriniň ulgamynyň giňemegi we ulag hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu uly göwrümli özgertmeler diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmän, eýsem hünärmenler üçin durnukly we geljegi uly iş orunlaryny döredýär.
Ulag hyzmatlarynyň geriminiň giňemegi bilen, biz hem öz toparymyzy güýçlendirmegi maksat edinýäris. Biz ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşjak, jogapkärli we tejribeli sürüjileri hyzmatdaşlyga çagyrýarys.
Keywords