
«BBC» teleýaýlymynyň ýolbaşçylar geňeşi täze baş direktor belediler. Wezipä «Google» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde ýolbaşçysy bolup işlän Mett Brittin mynasyp görüldi. Brittin 565 müň funt sterling aýlyk gazanjak täze wezipesine şu ýylyň 18-nji maýynda girişer. Şol wagta çenli Mett kompaniýanyň işleri bilen tanşar. Baş direktoryň wezipesini bolsa wagtlaýyn Rodri Talfan Dewise ynanarlar. Ýeri gelende bellesek, Mett Brittin 2016-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli «Google» kompaniýasynda işläpdi. Şeýle-de ol «The Guardian» neşiriniň eýesi «Guardian Media» toparynyň geňeş agzasydyr.
Keywords