
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan her ýylyň gyş paslynda ýurdumyzda gyşlaýan we uçup geçýän guşlaryň toplumlaýyn hasaba alyş işleri alnyp barylýar. Bu gezekki ylmy gözegçilik çäresi BMGÖM-niň Aral deňzi sebitindäki ekoulgamlary gorap saklamak baradaky taslamasynyň goldaw bermeginde Lebap welaýatynyň çäginde amala aşyryldy.
Gözegçilik işlerine «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri we taslamanyň utgaşdyryjylary gatnaşdylar. Barlaglar Gazojak şäheriniň, Darganata we Çärjew etraplarynyň suw howdanlarynda, şeýle hem Amyderýanyň we Garagum derýasynyň boýlarynda geçirildi. Anyklanan guşlaryň aglabasy Russiýadan we Gazagystandan gyşlamaga gelen görnüşlerdir. Hünärmenler guşlaryň görnüş aýratynlyklaryny, sanyny we iýmitleniş şertlerini jikme-jik öwrendiler. Gazlaryň, gotanlaryň we seýrek duş gelýän ördekleriň keşbi fotoapparatlaryň ýadyna geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň baý ekoulgamyny gorap saklamagyň möhümdigini ýene bir gezek subut etdi.
Material «Amul Info» redaksiýasy tarapyndan goraghananyň hünärmenleriniň goldaw bermeginde taýýarlandy.
Keywords