
Türkmenistanly Jahan Saryýewa Lançjou ulag uniwersitetiniň ilkinji türkmen talyplarynyň biri bolmak bilen şol ýokary okuw mekdebiniň hytaý dili mugallymlygyna çenli uly ýoly geçdi. Bu günki gün ol uniwersitetde hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmak boýunça resmi hünär şahadatnamasyny alan ýeke-täk daşary ýurtly hünärmen bolup durýar.
Saryýewa 2008-nji ýylda Lançjou ulag uniwersitetine okuwa girdi — ol bu ýokary okuw mekdebini saýlap alan ilkinji on iki sany türkmen talybynyň biridi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaýa bolan gyzyklanma onda entek orta mekdepde okap ýören wagtlary Konfusiýniň taryhy, Hytaýyň Beýik diwary we çaý medeniýeti bilen tanyşlyk arkaly döräpdir. Häzirki wagta çenli bu uniwersitet Türkmenistandan 200-den gowrak uçurymy taýýarlady.
2019-njy ýylda J.Saryýewa uniwersitetiň halkara bilim institutynda mugallymçylyk we dolandyryş işine geçdi. Ol sapaklarynda Merkezi Aziýadan we Russiýadan gelen talyplar bilen rus dilinde, Ýewropadan we Afrikadan gelen talyplar bilen bolsa iňlis dilinde gürleşýär. «Dürli dilleri bilmegim we medeniýetlere düşünmegim maňa dünýä bilen aragatnaşyk köprülerini gurmaga mümkinçilik berýär» diýip, ol «Sinhua» habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde belledi.
2022-nji ýylda Jahan Saryýewa Gansu prowinsiýasynyň hökümetiniň «Dunhuan» baýragyna mynasyp boldy. Bu sylag sebitiň ykdysadyýet, ylym, bilim we hünärmen taýýarlamak ulgamlarynyň ösmegine uly goşant goşan daşary ýurtly hünärmenlere berilýär.
Mugallymçylykdan daşary, ol «Daşary ýurtly hünärmenleriň kitap öýüniň» ýanyndaky kitap söýujiler klubyna ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde dürli ýurtlardan gelen mugallymlar we talyplar okan kitaplary baradaky täsirlerini paýlaşýarlar.
Keywords