
30-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşyk geçirdi diýip, 1tv.ge saýty habar berýär.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gruziýanyň hökümetiniň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda gruzin-türkmen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. Şeýle hem döwletara baglanyşyklary has-da berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň tutýan orny nygtaldy.
Söwda-ykdysady özara gatnaşyklara, şeýle hem oba hojalygy we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň çäklerinde sebit gün tertibine hem deglip geçildi. Taraplar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler hem-de şeýle ugruň sebitiň durnukly ösüşi üçin ähmiýetlidigini bellediler.
Keywords