
Özbegistanda kazyýet resminamalarynyň ýerine ýetirilmeginde emeli aň tehnologiýalary giňden ulanylar.
Özbegistanyň Prezidenti kazyýet we beýleki resminamalaryň ýerine ýetiriliş ulgamyny sanlylaşdyrmaga gönükdirilen degişli Permana gol çekdi. Resminama döwlet ýerine ýetirijileriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda emeli aňyň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Permana laýyklykda, 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, döwlet ýerine ýetirijileri tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň azyndan 70 göterimi awtomatiki usulda amala aşyrylar. Bu bolsa işlere seretmek möhletini çaltlandyrar we ynsan faktorynyň täsirini azaldar. Kazyýet resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ähli işler elektron formata geçiriler, iş ýöritmesi bolsa maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde has aýdyň we amatly bolar.
Maliýe bölegine aýratyn üns berildi. Öndürilip alnan pul serişdeleriniň paýlanylmagy doly sanlylaşdyrylar, bu bolsa serişdeleriň hereketine takyk gözegçiligi üpjün eder.
Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ýene bir täzelik girizilýär. Kazyýet çözgüdi esasynda döwletiň haýryna geçmeli awtoulaglar we gozgalmaýan emläkler döwlet ýerine ýetirijisiniň çözgüdi esasynda göni Döwlet aktiwlerini dolandyrmak agentligine geçiriler.
Mundan ozal Adalat ministrligi emeli aňa esaslanýan çözgütleri işläp düzmegiň, ornaşdyrmagyň we ulanmagyň Etika kadalaryny döwlet hasabyna alypdy.
Keywords