
Emeli aň dünýäsi geň galdyrmagyny dowam edýär: Alibaba-nyň täze Qwen3.5-Omni modelinden soň, OpenRouter platformasynda has kämil Qwen3.6 Plus Preview peýda boldy. Esasy habar — bu model häzirki wagtda doly mugt hyzmat edýär.
Täze modeliniň esasy aýratynlygy — onuň kontekst penjiresiniň 1 million tokene çenli giňeldilmegidir. Bu bolsa emeli aklyň bir gezekde tutuş kitaphanalary ýa-da müňlerçe setir kody seljerip biljekdigini aňladýar. Mugt ulanmagyň ýeke-täk şerti — ulgamy has-da kämilleşdirmek üçin berilýän soraglaryň we jogaplaryň toplanylmagydyr.
Material «Amul Info» tehnologiýa redaksiýasy tarapyndan OpenRouter we Alibaba Cloud platformalarynyň dessin seljermesi esasynda taýýarlandy.
Keywords