
Türkmenistanyň paýtagty bilen Türkiýäniň iň iri şäheri arasyndaky howa gatnawy has-da amatly boldy. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçy akymynyň artmagy sebäpli uçuşlaryň tertibini täzeledi. Indi her gün iki sany yzygiderli gatnaw amala aşyrylar, şeýle hem hepdäniň sişenbe, anna we ýekşenbe günlerinde goşmaça üçünji gatnawlar goşular.
Täze tertibe görä, esasy gatnawlar Stambuldan sagat 20:15-de we 01:10-da ugraýar. Aşgabatdan yzyna ugramak bolsa degişlilikde sagat 03:15-de we 08:10-da amala aşyrylýar. Bu täze uçuş meýilnamasy 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli hereket eder.
Gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagy diňe bir syýahatçylar üçin däl, eýsem halkara üstaşyr (tranzit) gatnawlary ulanýan ýolagçylar üçin hem uly ýeňillik döreder.
Keywords