
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Türkmenistandaky Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) utgaşdyryjysy Ýoahim Frits 2024-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek hakynda teswirnama gol çekdi. Resminama Türkmenistanda Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilen Halkara maýadarlar forumynda gazanylan ylalaşyklaryň dowamy bolup durýar. Forumda Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa we Fransiýa “Transcaspian Transport Corrido” maksatnamasyny işe girizmek boýunça ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Maksatnama Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän geçelgäniň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem bäsdeşlige ukyply ulag ugruny döretmäge gönükdirilendir. Sebitde bu taslamanyň 2026–2029-njy ýyllarda durmuşa geçirilmegi ÝB-niň, Germaniýanyň we Fransiýanyň goldawy bilen GIZ we “Expertise France” tarapyndan amala aşyrylar diýlip, habarda bellenilýär.
2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda GIZ we “Expertise France” guramalarynyň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistana geldiler. Saparyň dowamynda wekiliýet Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň, Oba hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň ulag we logistika hyzmatlary merkeziniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Mundan başga-da wekiliýet Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördi we ol ýerde maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Keywords