
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Dunyo” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanyp, anyk başlangyçlar we amaly netijeler bilen baýlaşýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda yzygiderli alyp barýan syýasaty netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.
Söhbetdeşler nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikde alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmek meseleleri we özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Keywords