
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň belent owazlary bilen Watanymyzy wasplandyrýarlar. Şolaryň biri hem halkyň söýgüli aýdymçysy Perhat Öräýewdir. 1989-njy ýylyň 25-nji oktyabrynda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde sungat maşgalasynda doglan Perhat, kiçijikliginden aýdym-saz dünýäsine ymykly aralaşýar.
Perhat Öräýewiň repertuarynda Mollanepesiň sözlerine aýdylýan «Ýanyp men ataşlaryňa» ýaly nusgawy eserler bilen bir hatarda, ene hakyndaky mährem aýdymlar hem-de «Janymy ýakdy», «Ýatla meni» ýaly söýgi teronlary aýratyn orun tutýar. Onuň dürli dillerde aýdymlary süýji we ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi, şeýle hem sahnada keşbe girip bilmek ukyby ony beýleki ýaşdaşlaryndan tapawutlandyrýar. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy bolsa, onuň zähmetiniň we zehininiň ýokary ykrarnamasydyr. Halypalarynyň, şol sanda Azatbek Nazarbekowyň hem ýokary bahasyna mynasyp bolan Perhat, maşgalasy we üç ogly bilen bagtly durmuşda ýaşap, täze döredijilik gözleglerini dowam etdirýär.
Keywords