Türkmenistanda TAPI gaz geçirijisi üçin materiallar satyn almak boýunça tender yglan edildi

Dek 9, 2025 - 11:26
Türkmenistanda TAPI gaz geçirijisi üçin materiallar satyn almak boýunça tender yglan edildi

Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Türkmen­gazgurluşyk» Türkmenistanyň—Owganystanyň—Pakistanyň—Hindiistanyň (TAPI) gaz geçirijisiniň Serhetabat–Herat böleginiň gurluşygy üçin kömekçi materiallary we metal önümlerini satyn almak boýunça halkara tenderini yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ýerleşdirilen bildirişinde habar berilýär.

Tendere gatnaşmak üçin gatnaşýan tarapyň doly adyny, hukugy taýdan ýagdaýyny, hasaba alnanan ýurduny, bank rekwizitlerini we kompaniýanyň alyp barýan işi baradaky maglumatlary görkezmek bilen ýazmaça arza bermek zerurdyr. Resminamalar aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 189, üçünji gat, 49-njy otag.

Tendere gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollary möçberinde (ÄDV we bank çykdajylary hasaba alynman) töleg tölenmelidir. Offshore zolagynda hasaba alnan ýa-da şeýle bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmez.

Tender tekliplerini tabşyrmak möhleti «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi bildirişiň çap edilen gününden başlap 30 senenama güni bolup durýar. Resminamalar arzalary kabul etmegiň soňky iş gününde ýerli wagt bilen sagat 12:00-dan giç bolmadyk wagtda kabul edilýär.

Habarlasmak üçin telefon: +(99312) 95-76-93.
Elektron poçta: tapi-pmu@turkmengaz.gov.tm