Ulanyjylar has köp Windows 11-e geçýärler

Noý 11, 2025 - 16:13
Ulanyjylar has köp Windows 11-e geçýärler

Analitiki kompaniýa Stat Counter tarapyndan berlen täze maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Windows 11 dünýä boýunça kompýuter bazarynyň 55%-den gowragyny eýeledi.

Bu ýagdaýyň esasy sebäbi — Microsoft kompaniýasynyň Windows 10 operasiýa ulgamynyň resmi goldawyny togtatmagydyr. Şol sebäpli köp ulanyjylar hem-de korporatiw guramalar täze ulgama geçmäge mejbur boldular.

Statistikanyň maglumatlaryna görä:

  • Windows 11 – 55,18%,

  • Windows 10 – 41,71%,

  • Windows 7 – 2,52%,

  • Windows 8/8.1 – 0,34%,

  • Windows XP – 0,22%.

Microsoft indi Windows 10 üçin howpsuzlyk we tehniki täzelenmeleri bermekden ýüz öwürdi. Täze talaplara laýyk gelmeýän kompýuterleriň eýeleri diňe tölegli goşmaça goldaw programmasyna gatnaşyp biler ýa-da täze kompýuter satyn almaly bolarlar.

Netijede, Windows 11 häzirki wagtda dünýä boýunça iň giňden ulanylýan operasiýa ulgamy boldy.