«Ýylyň söweşi» golaýlaşýar: Islam Mahaçew ýeňilmedik Jek Della Maddalenanyň garşysyna çykýar

Noý 12, 2025 - 16:57
Noý 12, 2025 - 17:10
«Ýylyň söweşi» golaýlaşýar: Islam Mahaçew ýeňilmedik Jek Della Maddalenanyň garşysyna çykýar

Noýabryň 16-sy ir bilen meşhur rus söweşijisi Islam Mahaçew öz karýerasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirer. Ol Nýu-Ýork şäherindäki “Medison Skwer Garden” arenasynda geçiriljek UFC 322 ýaryşynyň çäklerinde oktagona çykyp, guramadaky ikinji çempionlyk guşagy ugrunda güýç synanyşar.

Bellenilişi ýaly, şu wagta çenli rus türgenlerinden hiç biri ýarym orta agramdaky UFC-niň iki çempionlyk derejesine eýe bolup bilenokdy.

Islam Mahaçewiň bu gezekki garşydaşy — ýarym orta agram boýunça täze çempion, Awstraliýadan bolan söweşiji Jek Della Maddalena bolar.

Awstraliýaly türgeniň 18 söweşden ybarat ýeňilmezek çykyşy bar. Olaryň 8-si “UFC”-de gazanyldy. Jek güýçli zarbalary we aýak üstünde söweşmekdäki ussatlygy bilen tanalýar hem-de çempionlyk guşagyny Mahaçewa bermekçi däl.

Şonuň üçin hem bu duşuşyk giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyny döredýär we onuň «Ýylyň söweşi» diýlip atlandyrylmagyna garaşylýar.

Bu täsin söweşi siz Amul-TV (Amulinfo.com) kanaly arkaly onlaýn görnüşde tomaşa edip bilersiňiz.