ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirligi (FDA) aşgazanasty mäziniň giçki tapgyryndaky metastazly adenokarsinomasyny bejermek üçin täze maksatly derman serişdesini ulanmagy tassyklady. Bu serişde RAS belogyny gönüden-göni nyşana alýan ilkinji dermanlaryň biri hökmünde görkezilýär. Bu barada Naked Science saýtynda habar berildi.

Aşgazanasty mäziniň adenokarsinomasy bu agzanyň rak keselleriniň aglaba bölegini emele getirýän we köplenç giç ýüze çykarylýandygy sebäpli bejermek kyn bolan keselleriň biridir. Keseliň başlangyç döwürlerinde alamatlarynyň az ýüze çykmagy onuň ir anyklanylmagyny kynlaşdyrýar.

Täze derman RAS belogynyň işjeňligini bökdemek arkaly täsir edýär. RAS adaty ýagdaýda öýjükleriň ösmegini we bölünmegini sazlaýan möhüm molekulýar mehanizmleriň birine gatnaşýar. Genetik üýtgemeler ýüze çykanda bolsa bu ulgam gözegçiliksiz işjeňleşip, rak öýjükleriniň köpelmegine şert döredip bilýär.

«Rasоnk» diýlip atlandyrylan täze serişdäni Revolution Medicines biotehnologiýa kompaniýasy işläp taýýarlady. Derman gündelik kabul edilýän derman (tabletka) görnüşinde öndürilýär. Ol azyndan bir gezek ulgamlaýyn himiýa bejergisini alan ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli şeýle bejergini geçirip bilmeýän metastazly rak keselli uly ýaşly näsaglar üçin niýetlenendir.

Dermanyň netijeliligi kliniki barlaglarda öwrenildi. Takmynan 500 näsagyň gatnaşmagyndaky gözlegleriň netijesine görä, täze bejergini alan adamlarda umumy ýaşaýyş dowamlylygynyň ortaça görkezijisi 13,2 aý bolup, adaty himiýa bejergisinde bu görkeziji 6,7 aý töweregi boldy.

FDA täze serişdä «öňdebaryjy bejergi» we «orfan derman» ýaly aýratyn derejeleri beripdi. Bu bolsa onuň çynlakaý we durmuş üçin howply keseller boýunça täze bejeriş mümkinçiliklerini hödürleýändigini görkezýär.

Kliniki barlaglarda dermanyň birnäçe ýaramaz täsirleri hem hasaba alyndy. Olaryň arasynda deri örgüleri, içgeçme, agyz boşlugynyň nemli bardasynyň sowuklamasy, ýürek bulanma, garyn agyrylary, ýadawlyk, çişler we ganama ýaly ýagdaýlar görkezildi.

Hünärmenleriň bellemegine görä, RAS belogyny nyşana alýan täze bejerginiň tassyklanmagy aşgazanasty mäziniň ýaýran rak keseli bilen ýaşaýan näsaglar üçin bejerginiň täze ugrunyň döremegine ýol açýar. Şeýle-de bolsa, dermanyň ulanylmagy diňe degişli lukmançylyk görkezmeleri we hünärmenleriň gözegçiligi esasynda amala aşyrylmalydyr.