Halkara alymlar topary esasan çagalarda we ýetginjeklerde duş gelýän, bejermek kyn bolan süňk rakynyň — osteosarkomanyň öýjüklerindäki gowşak tarapy ýüze çykardy. Tejribehana şertlerinde geçirilen barlaglarda iki sany tejribe usulynyň utgaşdyrylmagy çişiň ösüşini haýallatmaga we syçanlaryň ýaşaýyş dowamlylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
ABŞ-nyň Sent-Jýud çagalar ylmy-barlag hassahanasynyň alymlary rak öýjükleriniň gowşak taraplaryny anyklamak üçin beloklary dargadýan ýörite molekulalary ulandylar. Adaty dermanlar zyýanly beloklaryň işjeňligini wagtlaýyn togtadýan bolsa, bu molekulalar olary öýjügiň ýok etmeli maddalary hökmünde belläp, doly dargadylmagyna ýardam berýär.
Barlagçylar osteosarkomanyň ösmegine gatnaşýan EP300 atly beloga aýratyn üns berdiler. Olar rak öýjüklerinde AKT atly beloklar ulgamynyň işjeňligi ýokarlananda, çişiň EP300 belogyny dargatmaga gönükdirilen täsire has duýgur bolýandygyny anykladylar.
AKT ulgamynyň işjeňligini peseltmek üçin eýýäm tassyklanan dermanlaryň bardygyny nazara alyp, alymlar iki usuly bilelikde ulanmagy synagdan geçirdiler. Adamyň çiş öýjükleri ýerleşdirilen tejribehana syçanlarynda geçirilen barlaglarda EP300 belogyny dargatmak bilen AKT ulgamynyň signallaryny basyp ýatyrmagyň utgaşdyrylmagy has netijeli boldy. Netijede, çişleriň ösüşi ep-esli haýallady, tejribe haýwanlarynyň ýaşaýyş dowamlylygy bolsa artdy.
Dokliniki barlagyň netijeleri Journal of Experimental Medicine ylmy žurnalynda çap edildi.
Alymlar şeýle hem osteosarkomanyň käbir görnüşleriniň bejergä näme üçin duýgur, beýlekileriniň bolsa durnukly bolýandygyny düşündirmegi başardylar. Biologik we biohimiki seljermeler bejergä durnukly çiş öýjükleriniň beloklary has çalt öndürýändigini görkezdi. Şol sebäpli olar dargadylan EP300 belogynyň ornuny çalt dolduryp bilýärler. Bejergä duýgur öýjüklerde bolsa bu belogyň öndürilişi haýal bolup, ulanylýan usul olaryň ýok edilmegine getirýär.
Alymlaryň bellemegine görä, soňky dört onýyllygyň dowamynda osteosarkomany bejermek üçin täze tassyklanan usullaryň peýda bolmazlygy bu ugurda täze çemeleşmeleriň zerurdygyny görkezýär. Täze açyş bolsa hassanyň aýratynlyklaryna laýyk gelýän bejeriş usullaryny işläp taýýarlamak üçin geljegi uly mümkinçilikleri döredýär.
Geljekde genetiki barlaglar degişli mutasiýalary bolan näsaglary ýüze çykarmaga we olara maksatly bejergini saýlamaga ýardam berip biler. Bu çemeleşme, hatda rak öýjükleriniň bedeniň beýleki ýerlerine ýaýran ýagdaýlarynda hem şahsylaşdyrylan bejergi usullaryny ösdürmek üçin ähmiýetlidir.
Şeýle-de bolsa, bu netijeler häzirlikçe diňe klinikadan öňki barlaglara esaslanýar. Usulyň adamlarda howpsuzlygyny we netijeliligini tassyklamak üçin goşmaça kliniki barlaglar zerurdyr.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.