
Şu ýylyň 13-nji aprelinden başlap, ýurdumyzyň iň iri ýokary tizlikli ýollarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobany boýunça geçiş tölegleriniň täze nyrhnamasy güýje girýär. «Türkmenawtoban» paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu üýtgetmeler ýoluň tehniki hyzmatyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Täze nyrhlar nähili bolar?
Esasy üýtgetmeler ýük daşaýan we uly göwrümli ulaglara degişlidir. Dört we ondan köp okly agyr ýük ulaglary hem-de treýlerler üçin her bir kilometriň bahasy 2,1 manat diýlip bellenildi. Iki we ondan köp okly, emma beýikligi 3 metrden geçýän ýa-da agramy 3,5 tonnadan uly bolan ýük ulaglary we awtobuslar üçin bolsa nyrh kilometrine 1,36 manat möçberinde bolar.
Bellenilmeli möhüm zat, gündelik durmuşda köp ulanylýan ýeňil awtoulaglar üçin nyrhlar öňküligine galdy. Agramy 3,5 tonna çenli bolan ýeňil ulaglaryň sürüjileri öňki ýaly her kilometr üçin 0,35 manat töleg tölärler.
Esasy ugurlar boýunça tölegler
Täze nyrhlara görä, Aşgabatdan Türkmenabada çenli doly aralygy geçmek uly ýük ulaglaryna (4+ okly) 1 260 manada, adaty ýük ulaglaryna we awtobuslara bolsa 816 manada düşer. Eger sürüjiler paýtagtdan diňe Mary şäherine çenli gitmek Isleseler, uly ýük ulaglary üçin töleg 655 manat, beýleki ýük ulaglary we awtobuslar üçin bolsa 424 manat möçberinde bolar.
«Türkmenawtoban» kompaniýasy bu ädimiň ýol infrastrukturasyny ösdürmek we sürüjiler üçin hereket howpsuzlygyny iň ýokary derejede saklamak maksady bilen amala aşyrylýandygyny belleýär. 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde açylyp, doly ulanyşa berlen bu strategik ýol häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we logistika ulgamyny güýçlendirmäge dowam edýär.
Keywords