Para pauerlifting boýunça halkara derejeli sport ussady Sergeý Meladze Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder. 46 ýaşly türgen erkekleriň arasynda 72 kilograma çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşer.
Türkmenistanyň türgeniniň Aziýa Para oýunlarynda gazanan medallarynyň sany üçe ýetýär. Ol bu ýaryşlarda bir kümüş we iki bürünç medal gazandy.
Sergeý Meladze ilkinji medalyny 2010-njy ýylda Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen Aziýa Para oýunlarynda gazandy. Şonda ol 67,5 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.
2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen ýaryşlarda türgen 72 kilograma çenli agram derejesinde ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy. 2018-nji ýylda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçirilen Aziýa Para oýunlarynda bolsa şol agram derejesinde ýene-de bürünç medal aldy.
Mundan başga-da, Sergeý Meladze 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Paralimpiýa oýunlarynda hem Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol şol ýaryşda 67,5 kilograma çenli agram derejesinde 180 kilogramlyk netijäni görkezip, altynjy orny eýeledi.
Nagoýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlary tejribeli türgen üçin halkara sport meýdançasyndaky nobatdaky möhüm synag bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.