
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maliýe ministrligi, ABŞ-nyň döredilmeginiň 250 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, milli walýutanyň banknotlarynda Amerikan prezidenti Donald Trampyň we pudak ýolbaşçysy Skott Bessentiň gollaryny ýerleşdirmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.
«Report» gullugynyň ABŞ-nyň Maliýe ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu ýurduň taryhynda döwlet belgilerinde häzirki döwlet baştutanynyň golunyň ýerleşdirilmeginiň ilkinji wakasy bolar.
Ministriň sözlerine görä, Trampyň golunyň milli walýuta goýulmagy, onuň «ABŞ-nyň ykdysady galkynyşynyň altyn eýýamynyň binagäri» hökmünde ýurduň taryhyndaky ornuny nazara alanyňda, «diňe bir ýerlikli däl, eýsem, doly mynasypdyr».
1776-njy ýylda tassyklanan Garaşsyzlyk jarnamasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Britaniýa imperiýasynyň hökmürowanlygyndan azat bolandygyny alamatlandyrdy. Resminama 1776-njy ýylyň 2-nji iýulynda Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde Kongres tarapyndan makullanypdy. Iki günden soň Kongres jarnamanyň redaktirlenen görnüşini tassyklady we ony çap edip, halk köpçüligine ýaýratmak barada görkezme berdi. Şol sebäpli 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esaslandyrylan güni hasaplanýar.
Keywords