
Bütün dünýä Banky Ýer ýüzünde uly göwrümli süýji suw ýataklaryna eýeçilik edýän ýurtlaryň sanawyny düzdi. Bankyň mälim etmegine görä, häzirki wagtda Braziliýa süýji suw ýataklarynyň möçberi boýunça öňde baryjy döwletdir. Ýurt 5661 milliard kub metr süýji suwa eýeçilik edýär. Bu ugurda Russiýa 4312 milliard kub metr görkezijisi bilen ikinji orunda ýerleşýär. Ilkinji bäşligi degişlilikde, Kanada, ABŞ we Hytaý jemleýär. Olaryň görkezijileri 2850, 2818 we 2813 milliard kub metre deňdir. Kolumbiýa (2145 milliard kub metr), Indoneziýa (2019 milliard kub metr), Peru (1641 milliard kub metr), Hindistan (1446 milliard kub metr) hem-de Mýanma (1003 milliard kub metr) ýaly ýurtlar sanawyň başlangyç onlugyny jemleýär.
Keywords