
Kibergiňişlikde milli bähbitleri goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. 2019-njy ýylda kabul edilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we 2025–2027-nji ýyllar üçin kabul edilen halkara hyzmatdaşlyk Maksatnamasy bu ugurdaky strategik ädimlerdir. Ýurdumyz ITU, CERT we ÝHHG ýaly iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ISO/IEC standartlaryna laýyk gelmek ugrunda täze sepgitlere ýetýär.
Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde ýaş hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn orun berilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kriptografiýa, etiki hakerlik we sanly kriminalistika ýaly dersleri öwrenýärler. «Sandbox» (çäklendirilen meýdança) gurşawynda olar hakyky wagtda kiberhüjümlere garşy durmagy we wiruslara garşy programmalary ýazmagy türgenleşýärler.
Material «Amul Info» redaksiýasy tarapyndan HNGU-nyň hünärmenleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Keywords