
Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde ýurduň maliýe ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Bank-2026» atly turnir geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu sport çäresi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan bilelikde guraldy.
Halkara kadalara laýyklykda geçirilen akyl ýaryşy küşt sportuny wagyz etmäge hem-de edaralaryň işgärleriniň arasyndaky korporatiw gatnaşyklary berkitmäge gönükdirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça zenanlaryň arasynda Güljahan Atbaşiýewa («Rysgal» PTB) ýeňiji boldy. Ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik bankynyň wekili Mähri Akmämmedowa, üçünji orny bolsa Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Jeren Muhammedowa eýeledi. Gatnaşyjylar her bir tapgyrda ýokary taktiki taýýarlygy we ýeňşe bolan uly islegi görkezdiler.
Erkekleriň arasyndaky birinjilikde:
Turnir baýramçylyk çäreleriniň möhüm bölegine öwrülip, bank ulgamynyň hünärmenlerine resmi bolmadyk ýagdaýda tejribe alyşmaga we iň köpçülikleýin sport görnüşleriniň birinde öz ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.
Keywords