Türkmen talyp ýaşlary halkara olimpiadada baýrakly orunlara eýe boldular

Apr 17, 2025 - 18:18
Türkmen talyp ýaşlary halkara olimpiadada baýrakly orunlara eýe boldular

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen, Türkmen döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary 2025-nji ýylyň 9-12-nji aprel aralygynda Belarus Respublikasyndaky Gomel şäherinde ýerleşýän Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen nazary mehanika dersi boýunça XIX Halkara olimpiadasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu halkara derejeli bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan, Hytaýdan, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden gelen 110-dan gowrak talyp gatnaşyp, bilim taýdan öz aralarynda bäsleşdiler.

Türkmen döwlet energetika institutynyň wekilleri olimpiadada aýratyn we toparlaýyn çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular we ýokary bilim derejesini hem-de taýýarlyk derejesini üstünlikli görkezmegi başardylar.

Baýrakly orunlara eýe bolanlaryň hatarynda:
– «Tehnologiki maşynlar we enjamlar» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýazjumaýewa Aýna Azadowna – ýekelik hasap boýunça III orun,
– «Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy» hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ataýewa Dursunjemal Hanmyradowna – ýekelik hasap boýunça III orun,
– Türkmen döwlet energetika institutynyň topary bolsa toparlaýyn hasap boýunça III orny eýeledi.

Bu üstünlikler ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde gazanýan ösüşleriniň aýdyň beýany bolup çykyş edýär.