Türkmen küştçüleriniň Şri-Lankadaky üstünlikli çykyşlary
Türkmen küştçüleri Şri-Lankadaky Günbatar Aziýanyň çempionatynda 3 medal gazandy. Leýla Şöhradowa altyn medal bilen ýurt abraýyny belende göterdi.

2025-nji ýylyň 4-12-nji iýun aralygynda Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde sportyň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu halkara ýaryşda dünýäniň 9 döwletinden 110 türgen gatnaşdy.
Türkmen türgenleriniň gazanan medallary
Türkmenistanly küştçüler bu ýaryşda üstünlikli çykyş edip, umumylykda 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.
Altyn medal – Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Leýla Şöhradowa küştüň "rapid" görnüşinde ýeňiji boldy.
Kümüş medal – FIDE-nyň ussady, Halkara nebiti we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa adaty görnüşde ikinji orny eýeledi.
Bürünç medal – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow bolsa bürünç medal bilen baýraklandyryldy.
Küşt sporty bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw
Türkmenistanly küştçüler halkara derejesindäki ýaryşlarda yzygiderli üstünlik gazanyp, Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) reýting sanawynda orunlaryny barha ýokarlandyrýarlar. Çuňňur pikirlenmegi, strategiýany we sabyrlylygy talap edýän bu sport görnüşi ýurdumyzyň taryhynda her döwürde giňden goldalyp gelinýär.
Häzirki wagtda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen dürli ýaş derejelerinde ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýakyn günlerde paýtagtymyz Aşgabatda 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara küşt ýaryşynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.