Türkmenistan Ysraýylyň Eýrana garşy edýän harby hüjümlerinden alada bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna garşy guran harby hüjümlerine degişli beýanat bilen çykyş etdi.

Ministrlik Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň ýokarlanmagyndan alada bildirip, çäklendirilmedik ýagdaýlaryň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine çagyrdy.
"Türkmenistan ähli kyn ýagdaýlaryň diňe syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidigini, BMG-niň Düzgünnamasyna we halkara hukugyň umumy kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini nygtaýar" - diýip beýanatda bellenen.
Türkmenistan özüniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara gatnaşyklarynda güýç ulanmak ýa-da güýç bilen haýbat atmak ýaly çemeleşmeleriň kabul ederlikli däldigine ynanýandygyny beýan edýär we bu ugurda meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýol bilen çözülmelidigini nygtaýar.