
2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty diňe bir täze oýunlaryň däl, eýsem täze gahrymanlaryň hem dogulýan ýeri bolýar. Ispaniýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda (0:0) ajaýyp oýny bilen köpleri haýran galdyran Kabo-Werdäniň derwezeçisi Wozinýa sanly ulgamlarda hakyky rekord goýdy.
Ispaniýa bilen duşuşykda Wozinýa öz derwezesini «gury» saklap, ýedi gezek ajaýyp seýw etdi. Bu görkezijiler onuň meşhurlygyny kosmiki tizlik bilen ýokarlandyrdy. Ýarym günüň içinde onuň Instagram hasabyna 5,7 million adam ýazyldy.
Bu netije bilen ol Kabo-Werdäniň beýleki meşhur şahsyýetlerini yzda galdyrdy:
Wozinýanyň bu derejede meşhur bolmagyna ýönekeý halk däl, eýsem Braziliýanyň meşhur streameri Kazimiro hem uly goşant goşdy. CazeTV Youtube kanalynda 31 milliondan gowrak ýazyjysy bolan Kazimiro, oýun wagtynda Kabo-Werdäni goldady. Wozinýanyň ajaýyp oýnuna haýran galan streamer, öz tomaşaçylaryny derwezeçä ýazylmaga çagyrdy. 5 milliona golaý adam oýny göni ýaýlymda synlap, derwezeçiniň sosial sahypalaryna höwes bilen ýazyldylar.
Kabo-Werde öňler dünýä medeniýetine goşan goşandy, ýagny «morna» aýdym-saz žanry we şol žanryň şalary Sezariýa Ewora hem-de Bana bilen tanalýardy. «Morna şasy» adyny alan Sezariýa Ewora öz gazanan pullaryny ýurdunyň bilim we saglyk ulgamlaryna bagyş edip, halkyň söýgüsini gazanan milli gahrymandyr.
Indi bolsa ýurt täze sport gahrymanyny — Wozinýany gazandy. 40 ýaşly derwezeçi häzirki wagtda diňe bir Kabo-Werdäniň däl, eýsem tutuş dünýä futbolynyň üns merkezinde.
Keywords