Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi 17.02.2026 view icon 107 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM niň web saýtynda habar berilýär. Ykjam telefonlar üçin goşundy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegini üpjün etmek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir. Goşundyny Google Play we App Store dan mugt geçirip alyp we peýdalanyp bolýar. | Amul Info