
Bagtyýar SATYBALDYÝEW, «Atamelhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçy-inženeri:
— Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze, döwrebap keşbi bolup, Amyderýadan Köpetdagyň etegine çenli uzaýan giň gerimli taslamadyr. Biz öz işimizi döwrebap ýoluň 475-nji kilometrinden başlap, tä 600-nji kilometrine çenli bolan jogapkärli tapgyrynda alyp bardyk. Taslamanyň aýratyn bellenilmeli tarapy onuň dolulygyna ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyrylmagydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýerli gurluşykçylara bolan uly ynamynyň we goldawynyň netijesidir. Döwrebap täze ýol geljekki nesillerimiz üçin galdyrýan iň gymmatly mirasymyzyň biridir.
Göwher NURSAIDOWA, Türkmenabat şäherindäki 56-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi:
— Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze, döwrebap ýoluň açylyp, ulanylmaga berilmegi biziň üçin uly baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinden geçip, gözel paýtagtymyzy welaýatymyz bilen birleşdirýän bu ýol ýolagçylaryň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny, ýükleriň daşalmagyny üpjün eder. Toý-dabaraly günde ak ýollara ýakym-ýaraşyk beren täze awtoulaglaryň «Aklyk — alnyňa ýagşy» diýlip, milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi bilen halkyň hyzmatyna berilmegi ene ýüregimize egsilmez joşgun bagyşlady. Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri we bagtyýar durmuşy sowgat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, sogaply işleri hemişe rowaç alsyn! Goý, bu ak ýol halkymyza diňe şatlyk, bereket getirsin!
Jeýran KLYJOWA, Türkmenabat awtomenziliniň ýol dispetçeri:
— Hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem ýol gurluşyk pudagynyň maddi-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrundaky işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu hakykata Amyderýanyň üstünden gurlan demir we awtomobil ýol köprüleriniň, Türkmenabat şäherinde bina edilen awtomenziliň, şeýle-de halkymyzyň hyzmatyna berlen döwrebap awtobuslaryň, ýeňil awtoulaglaryň mysalynda hem göz ýetirýäris. Munyň özi welaýatymyzda täze iş orunlarynyň döredilmegine, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň berkidilmegine uly itergi berýär. Bu işler ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň anyk subutnamasydyr.
Keywords